“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

Image description

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky PB 5718 belgili karary esasynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky 57-ö belgili buýrugy bilen döredildi. 
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň himiýa pudagyny we senagat toplumyna degişli beýleki pudaklary, olaryň önümçilik düzümlerini orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün edýär.
Mekdebiň okuw binasynda kompýuter otaglary, interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary bar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri üçin welaýatyň çägindäki islendik senagat toplumyň zawod-kärhanalarynda we edaralarynda tejribelerini artdyrmaga uly mümkinçilik döredilen. Talyplaryň okuwdan boş wagtlary sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin üsti ýapyk görnüşli sport zaly okuw binasyna ýanaşyk ýerleşdirilen. Mekdepde  talyplar üçin internet ulgamy bilen üpjün edilen kitaphanada syýasy, ykdysady hem-de okuw dersler boýunça ençeme maglumatlar we kitaplar ýerleşdirilen. Okuw mekdepde ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýy bolup, onda talyplaryň  dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen. 
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2023-2024-nji okuw ýylynda şu aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

1.     “Senagat we raýat jaý gurluşygy” 
Käri: Tehnik-gurluşykçy
2.     “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak” 
Käri: Tehnik-halasgär
3.     “Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak” 
Käri: Tehnik-mehanik
4.    “Nebiti we gazy gaýtadan işlemek”
Käri: Himik-tehnolog
5.     “Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy” 
Käri: Tehnik-tehnolog
6.     “Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça)” 
Käri: Tehnik-elektrik
7.     “Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş” 
Käri: Tehnik-tehnolog
8.     “Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy (pudaklar boýunça)” 
Käri: Awtomatika boýunça tehnik
9.     “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça)” 
Käri: Tehnik-ykdysadyýetçi
10.     “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” 
Käri: Tehnik-buhgalter
11.     “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” 
Käri: Tehnik-tehnolog


Salgymyz: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Amul şäherçesiniň Dostluk köçesiniň   20-nji jaýy. 


Telefon belgileri:

Kabulhana - 8(00422) 7-17-25
 

Elektron poçtanyň salgylary:  Tehnikum@turkmenhimiya.gov.tm