Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-dan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-i seneleri aralygynda jemi 54 sagatdan ybarat bolan “Innowasion kompýuter tehnologiýalary” kursuň “Adaty” derejesi ugry boýunça tölegsiz esasda okuwlary gurnaldy. Okuw kursyny üstünlikli tamamlan raýatlarymyza Döwlet derejesindäki şahadatnamalar gowşuryldy.
Pensiýa ýaşdaky raýatlarymyz Innowasiýa maglumat merkezinde gurnalýan bu okuw kurslarynyň alnyp barylyşy we mugallymlaryň bilim derejesi bilen örän hoşaldygyny aýtdylar. Bu ýerde olar diňe bir sanly bilim boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrman, eýsem täze dostlukly gatnaşyklary hem döredip bildiler. Okuw sapagyň dowamlylygy iki akademiki sagat bolup, olaryň arasynda 10 minutlyk arakesme hem berilýär. Merkez tarapyndan bu kursyň diňleýjileri üçin dynç alyş salkymynda çaý-kofe ýaly içgiler we süýjilik tagamlary hödürlenilýär. Merkeziň okuw kursyna gatnanlaryň biri bolan Antonowa Ýewgeniýanyň sözlerine görä onuň özi we dost-ýarlary bu okuw kurslaryna uly höwes bilen gatnaýarlar, şeýle-de kursyň zehinli mugallymlary S.Amandurdyýewanyň we S.Ýagşyýewiň pedagogiki okadyş usullary aýratyn tapawutlanýarlar. Innowasiýa maglumat merkeziň Okuw bölüminiň habar berşi boýunça pensiýa ýaşdaky raýatlar üçin tölegsiz esasda gurnalýan bu okuw kursyň dowamlylygyny 2 aýa çenli artdyrylmagy diňleýjiler tarapyndan haýyş edildi. Şeýle-de okuw kursyny tamamlan raýatlar indiki açylýan okuw toparyna hem ýazylmaga howlukýarlar. Şeýle uly gyzyklanma bildirýän raýatlaryň sanynyň köplügi zerarly “Innowasion kompýuter tehnologiýalary” ugry boýunça okuw toparlarynyň sanyny köpeltmek zerurlygy ýüze çykýandygyny Okuw bölüminiň hünärmenleri habar berdiler.
Okuw kursyny tamamlanlar şeýle häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagynda sanly bilim boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga mümkinçilikleri döreden Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, sebitde we halkara giňişliginde amala aşyrylýan il-halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Pensiýa ýaşyndaky raýatlarymyz …